Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan ynsanperwer kömegi hökmünde 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan gazy Gyrgyz Respublikasyna muzdsuz iberer
03.02.2024

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alyp hem-de Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, türkmen halkynyň adyndan gyrgyz halkyna 2024-nji ýylyň fewral aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserni 2000 tonna möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde Gyrgyz Respublikasyna muzdsuz iberer.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi