29-njy ýanwarda Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň halkara aktiwler boýunça wise-prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň binasynda döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy hem-de konserniň hünärmenleri bilen duşuşdylar.
Duşuşykda türkmen tarapynyň wekilleri ýurduň ýangyç-energetika toplumyny innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýanyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini, gaz pudagynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ilerletmegiň Türkmenistanyň strategik ugurlarynyň biridigini bellediler. Taraplar alnyp barylýan işleri maksadalaýyk giňeltmek we hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda pikir alyşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, wekiliýet Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary bilen hem duşuşdylar. «PETRONAS-yň» wekilleri Türkmenistanda işlemäge döredilýän oňaýly şertler hem-de gaz pudagynda ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadaga, Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bellenilişi ýaly, bu ugurda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary durnukly ösüşiň, ählumumy rowaçlygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.
«PETRONAS» kompaniýasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary dowam edýär, onuň dowamynda myhmanlar Balkan welaýatyna hem baryp görerler.