Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Hökümet mejlisinde TNGIZT-däki täze önümçilikler barada habar berildi
27.01.2024

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda “Hydro Plus” kysymly dizel ýangyjynyň we “SAE 50 API CF-4” kysymly motor ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow Hökümetiň 26-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyza habar berdi.

Mejlisde wise-premýer “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynda nebit önümleriniň täze görnüşlerini öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwrüň talaplaryna laýyklykda nebithimiýa senagatyny ösdürmek, halkara tejribäni giňden ornaşdyrmak hem-de önümleriň görnüşlerini artdyrmak babatda degişli çäreler görülýär. Hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda “Hydro Plus” kysymly dizel ýangyjynyň önümçiligi ýola goýuldy. Ýangyjyň bu görnüşi ýokary tizlikli dizel hereketlendirijilerinde we howanyň aşa sowuk şertlerinde ygtybarly ulanmaga niýetlenendir. Şeýle-de zawodlar toplumynda “SAE 50 API CF-4” kysymly motor ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy. Motor ýagynyň bu görnüşi awtoulaglarda hem-de beýleki enjamlarda gurnalan kuwwatly dizel hereketlendirijileri üçin göz öňünde tutulyp, yssy howa şertlerinde ulanmaga niýetlenendir.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebit önümlerini öndürmegiň täze usullaryny öwrenmegiň, öndürilýän önümleriň hilini ekologik standartlaryň talaplaryna laýyk getirmegiň, has ýokary islege eýe bolan önümleri öndürmegiň ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň esasy wezipeleridigini belledi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit önümleriniň birnäçe görnüşleri öndürilýär we olar içerki hem-de dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Täze önümler ýurdumyzda bu ugurda öndürilýän önümleriň görnüşlerini has-da artdyrar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Çeşme: Türkmenmetbugat