Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Ahal» futbol topary resmi nyşanyny täzeledi
24.01.2024

Ýurdumyzyň «Ahal» futbol topary resmi nyşanyny täzeländigini yglan etdi. Bu barada toparyň Halkara habarlar merkezi ýazýar.

Täze nyşan reňkleriň iň az derejedäki gatnaşygyndan emele gelip, özboluşly şekiliň ýany bilen doýgun reňkleriň sazlaşygynyň täze çözgüdini we sadalygyny özünde jemleýär. 

Nyşanyň merkezinde toparyň esasy hemaýatkäriniň — «Türkmennebit» döwlet konserniniň nyşany hem-de klubuň döredilen ýyly (1989-njy ýyl) görkezilýär.

Şeýlelikde, topar nobatdaky möwsümde täze nyşan bilen üstünlikli ýoluň täze menzillerine gadam basmaga bil baglaýar.

«Janköýerlerimiz bilen bilelikde türkmen futbolynda hem-de halkara arenasynda unudylmajak ýeňişleri, çempionlyklary, arzyly kuboklary, üstünlikli netijeleri gazanarys we hakydalardan öçmejek taryh ýazarys» — diýlip, toparyň metbugat gullugynyň habarynda beýan edilýär.