Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
22.01.2024

20-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewi bilen didarlaşyp, gezelenç etdi hem-de täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, käbir desgalaryň bezeg işleri, düzümleýin desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz bu ýerde “Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy” diýen paýhasly jümlä eýerip, täze athana toplumynda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy.

Soňky ýyllarda türkmen topragynyň bu künjegi tanalmaz derejede özgerdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde ýurdumyzyň şäherleriniň, obalarynyň gözel keşbe girýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Şol bir wagtyň özünde, Arkadag şäherinde degişli ekologik ýagdaýy saklamak taslama düzüjilere we gurluşykçylara bildirilýän esasy talaplardyr.

Hormatly Arkadagymyz täze şäheriň athana toplumyna geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti garşyladylar.

Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň athana toplumynyň binalary, olaryň ýerleşdiriliş aýratynlyklary we toplumyň iş otaglarynda döredilen şertler bilen tanyşdy. Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebow 600 orunlyk athana toplumynda atşynaslaryň öndürijilikli işlemekleri, bu ýerde atçylyga degişli ylmy işleri alyp barmak ugrunda döwlet tarapyndan zerur tagallalaryň edilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.

Milli Liderimiz täze toplumyň mümkinçilikleri bilen tanyşlygyň dowamynda bu ýerde milli atşynaslyk däplerini ösdürmek, dünýäde wagyz etmek ugrunda ähli zerur şertleriň döredilendigini belläp, atşynaslygyň milli ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylmagy babatda maslahatlaryny we öwüt-ündewlerini berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Hanbeg atly behişdi bedew bilen didarlaşdy. Häzirki wagtda döwletimiz tarapyndan yzygiderli tagalla edilmegi netijesinde, ady rowaýata öwrülen we dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende göterilýär. Gahryman Arkadagymyz Hanbeg atly bedewiň jylawyndan tutup, birsellem gezim etdi.

Alym Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bedewleriň säher çagynda gezdirilmeginiň olaryň beden gurluşynda, sagdynlygynda bolşy ýaly, ýyndamlygyna-da oňyn täsiri bar. Gyş paslynyň säheri dag etekleriniň gözelligini artdyrýar. Bu ýerde amatly howa gurşawy emele geldi. Şunuň ýaly gözel görnüşi we ýakymly howasy bolan künjekde gezim etmek ruhubelentlik döredýär. Bu ýagdaý bedewler üçin hem amatly şertleriň biri hasaplanýar.

Gahryman Arkadagymyz bedewe atlanyp, gezim etdi. Dünýäde iň naýbaşy tohumlaryň biri hasaplanýan ahalteke bedewleriniň şanyna taryhyň dowamynda dürli eserler döredildi. Nusgawy edebiýatymyzda bedewiň üsti Süleýman tagtyna deňelýär. Munuň özi türkmen halkynyň taryhyň dowamynda ahalteke bedewlerine aýratyn hormat bilen garandygynyň güwäsidir. “At — myrat” diýen paýhasly jümläni döreden halkymyz nurana arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglapdyr. Bedewler toý-baýramlaryň baş bezegine öwrülipdir. Häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň bedewler bilen baglanyşykly döreden dünýä nusgalyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde has-da ösdürilýär.

Milli Liderimiz atly gezelenjiň dowamynda bedewi gorgunyna goýberdi. Ussat seýisleriň elinden çykan, idegi ýetirilen bedew buýsançly başyny belent tutup, gorgunlady. Bu görnüşler ýurdumyzda milli atçylyk däpleriniň döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilýändigini şöhlelendirýär. Arkadag şäherinde täze athana toplumynyň gurulmagy, bu ýerde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hereket etmegi, dünýä derejesinde bina edilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň bolmagy milli atşynaslyk ýörelgeleriniň hemmetaraplaýyn we ylmy esasda ösdürilýändigini görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň atlanan ynsan gylykly bedewi bagtyýar zamanamyza buýsanýan mysaly ruhy göterilip, badyny artdyrdy. Bu görnüşler ösüşiň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem belent maksatlaryň hasyl boljakdygynyň, täze ýylyň uly rowaçlyklara beslenjekdiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Häzirki wagtda Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi bilen bir hatarda, olaryň zähmete bolan söýgüsiniň artdyrylmagyna-da uly üns berilýär. Şunda ýaşlaryň halkymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna, aýratyn-da, ahalteke bedewlerine söýgüsini artdyrmak meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Bularyň ählisi ynsan bilen bedewiň arasyndaky dostlukdan nyşandyr.

Gahryman Arkadagymyz atly gezelenji tamamlap, bedewi idip athana eltdi we onuň bilen hoşlaşdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri taslamalar bilen tanyşdy. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň, senagat ugurly desgalaryň, muzeýiň, saglyk öýüniň, Ýangyna garşy göreş gullugynyň binasynyň, “Saglyk” seýilgähiniň teklip edilýän şekil taslamalary bar. Şeýle hem bu ýerde Arkadag şäheriniň baş metjidiniň içki bezeg aýratynlyklarynyň, lukmançylyk edaralaryna degişli nyşanlaryň görnüşleriniň taslamalary bar.

Gahryman Arkadagymyz görkezilen şekil taslamalary bilen tanşyp, Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň taslamasyna degişli düzedişleri girizdi. Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň desgalarynda alnyp barylýan işler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Gurluşyk senagatynyň häzirki zaman tejribelerini özünde jemleýän täze şäheriň gurulmagynyň ähmiýeti barada durup geçip, Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan işleriň taryhy ähmiýetiniň bardygyny, hut şonuň üçin hem ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylmalydygyny belledi. Şunda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr. Gurluşyk işlerinde täzeçil tehnologiýalar, sanly ulgam işjeň peýdalanylmalydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän häzirki zaman desgalarynyň, binalaryň şekil taslamalarynyň taýýarlanylyşyna, olaryň bezeg aýratynlyklaryna, önümçiligiň nyşanlaryna we hil derejesine möhüm üns berilmelidigini belledi.

Häzirki döwrüň ösen tehnologiýalaryň zamanasydygyny nazara alyp, ähli ugurlarda bolşy ýaly, gurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylmagynda täzeçil tehnologiýalaryň, dünýäniň ösen tejribesiniň we sanly ulgamyň netijeli ulanylmalydygyna ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda öňde duran wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilişine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Gurluşygyň ikinji tapgyrynyň önümçilik kuwwatlyklaryna niýetlenen güwänamalaryň, önümçiligiň söwda nyşanlarynyň döwrebap derejede taýýarlanylmagyna häzirki zamanyň talaby esasynda çemeleşilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda täzeçil ýörelgeleriň işjeň ulanylmalydygyna ünsi çekdi.

Soňra Milli Liderimiz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen gurluşyklaryň ýokary hil derejesini üpjün etmek hem-de bu işleri bellenilen möhletlerde tamamlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde alnyp barylýan işler, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerindäki işleriň bellenilen möhletinden yza galýandygyny aýdyp, D.Orazowyň bu ugurda alyp barýan işleriniň guralyşyna nägilelik bildirdi. Gurluşyk işlerinde, Arkadag şäheriniň ekologik ýagdaýyna bolşy ýaly, desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegine-de möhüm ähmiýet berilmelidir. Şunda degişli talaplaryň berk berjaý edilmegi, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.

Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew täze şähere ilaty göçürip getirmek boýunça alnyp barylýan işler, söwda we hyzmatlar ulgamynyň işiniň ýola goýluşy barada hasabat berdi. Şunda degişli gulluklaryň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Arkadagymyz täze şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek meseleleriniň ähmiýeti barada aýdyp, bu ugurdaky işleriň alnyp barlyşyna nägilelik bildirdi. Ýaşaýyş jaýlaryna ilatyň göçürilmegi bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir. Ilatymyzyň täze şäherde bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary ugrunda ähli zerur tagallalar edilmelidir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Şunda söwdanyň medeniýetini ýokarlandyrmak, hyzmatlar ulgamyndaky bökdençlikleri aradan aýyrmak häzirki döwrüň möhüm wezipesi hökmünde kesgitlenendir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy D.Orazowa we Ş.Durdylyýewe ýüzlenip, ýol berlen säwlikleri gysga wagtda düzetmek hem-de Arkadag şäheriniň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda anyk görkezmeleri berdi. Munuň özi, häzirki döwrüň şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişinde bolşy ýaly, şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak meselelerinde hem bildirilýän möhüm talaplaryň biri bolup durýar.

Soňra iş maslahaty Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradowyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebowyň gatnaşmagynda dowam etdi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň durkuny täzelemek boýunça meýilleşdirilen işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy Gahryman Arkadagymyza toplumyň çäginde ýerine ýetiriljek işleriň görnüşleri, aýratyn-da, binalaryň içki bezegi boýunça taýýarlanylan taslamalary, toplumyň binalarynyň enjamlarynyň görnüşlerini görkezdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Toplumyň binalarynyň içki bezegi bu ýerde alnyp barylýan işleriň ähmiýetine kybap gelmelidir. Şunda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna zerur üns berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu babatda gymmatly maslahatlaryny berdi.

Şeýle hem iş maslahatynyň dowamynda Milli Liderimiziň garamagyna toplumyň binalarynyň daşky görnüşlerini döwrebaplaşdyrmak, onuň çäginde bar bolan gök zolaklaryň, ulag ýollarynyň we ýanýodalaryň durkuny täzelemek boýunça taslamalar, binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly çyzgylar görkezildi. Şolaryň hatarynda 60-a golaý bedewe niýetlenen 7 sany athananyň, ot-iým ammarlarynyň taslamalary bar.

Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň binalaryny döwrebaplaşdyrmak işlerinde binagärligiň milli ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr. Şunda ulanylýan serişdeler berkligi we uzak möhletleýinligi babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidir. Munuň özi, gurluşyk işlerinde bolşy ýaly, binalaryň bezeg işlerinde hem aýratyn ähmiýetlidir.

Soňra Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara Russiýanyň Kinologiýa federasiýasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny habar berdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Russiýanyň Kinologiýa federasiýasy 1991-nji ýylda döredilip, Halkara kinologiýa federasiýasynda Russiýanyň ýeke-täk resmi wekili bolup durýar. Ol Russiýanyň iri itşynaslyk birleşigidir.

Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň düzümine Russiýanyň Gulluk itşynaslygy federasiýasy, Awçylyk itşynaslygy federasiýasy, Höwesjeňleriň itşynaslygy federasiýasy, Garaşsyz itşynaslaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň Bütinrussiýa assosiasiýasy girýär. Häzirki wagtda federasiýanyň tohum kitabynda, takmynan, 5,5 million it, 1427 kinologiýa kluby, ýurduň ähli sebitinde 22358 sany it saklanýan desgalar hasaba alnandyr.

2024-nji ýylyň 15 — 17-nji ýanwarynda Kazan şäherinde «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň çempionatynda ýeňiji bolan itleriň sylaglanyş dabarasynyň geçirilendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz ýeňijileriň arassa ganlylyk, owadanlyk, buýrugy berjaý etmek ukyby we beýleki häsiýetnamalar boýunça saýlanandygyny aýtdy.

2021-nji ýylda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen Akdost (Akdus) atly türkmen alabaýy «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy.

Ol birinji sylaga şu ýylyň 15-nji ýanwarynda arassa ganlylygy we owadanlygy üçin mynasyp boldy. Bu ugurda gatnaşyjylaryň boýuna, agramyna, beden gurluşyna, gözelligine we Merkezi Aziýa owçarkalarynyň umumy ykrar edilen talaplaryna laýyk gelýändigine üns berilýär. Ikinji sylaga bolsa ol 17-nji ýanwarda düşbüligi, ünslüligi üçin mynasyp boldy. «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça çempionata tutuş Russiýa boýunça 200-e golaý it gatnaşdy.

Akdost Russiýanyň dürli şäherlerinde geçirilen birnäçe sergilere we bäsleşiklere gatnaşyp, tejribe toplady. Bu ýaryşlarda ol eminleriň ýokary bahalaryna mynasyp boldy diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebowa türkmen alabaýynyň 2024-nji ýylyň 15 — 17-nji ýanwary aralygynda geçirilen bäsleşiklerde mynasyp bolan güwänamalaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy we hemmeleri bu ýokary derejeli sylaglar bilen gutlap, üstünlik arzuw etdi.

Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebow türkmen alabaýlarynyň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galýandygyny alamatlandyrýan güwänamalary uly buýsanç bilen kabul etdi.

Soňra B.Rejebow ahalteke bedewleriniň we türkmeniň nepis halylarynyň, şeýle hem türkmen alabaýlarynyň şöhratynyň dünýäde giňden wagyz edilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdi.

Wise-prezident “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ilkinji günleriniň şatlykly wakalara beslenýändigini belläp, Russiýadan gelip gowşan hoş habaryň halkymyzy, aýratyn-da, ýurdumyzyň itşynaslaryny begendirendigini nygtady. Bu barada aýtmak bilen, B.Rejebow häzirki döwrüň şatlykly wakalaryna hoşallygyň nyşany hökmünde Şatlyk atly alabaý güjüjegi hormatly Prezidentimize gowşuryp bermegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.

Milli Liderimiz alabaý güjüjegi bilen bilelikde athana toplumynyň manežine bardy. Bu ýerde ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Arkadagymyz ir säher bilen gezelenç eden Hanbeg atly atyna atlanyp, manežiň ugry boýunça öwrüm etdi. Şu pursatda Şatlyk hem at üstünde öwrüm edýän Gahryman Arkadagymyzyň yzyndan galmady. Bu görnüşler ynsan bilen eýesine wepalylygy, üşükliligi bilen tapawutlanýan ahalteke bedewiniň hem-de alabaýyň özara gatnaşygynda aýratyn hoşniýetliligiň bardygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Munuň özi taryhy müňýyllyklara uzap gidýän ahalteke bedewleriniň we alabaýlaryň türkmen halkynyň durmuşy bilen ysnyşandygynyň nobatdaky güwäsidir.

Häzirki wagtda döwletimiz tarapyndan yzygiderli tagallalaryň edilmegi netijesinde, ady rowaýata öwrülen we dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän ahalteke bedewleriniň, türkmen alabaýlarynyň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende göterilýär. Gahryman Arkadagymyz atly gezelenji tamamlap, bedew bilen hoşlaşdy we Şatlyk atly alabaý bilen ulaga mündi. Şol pursatda Hanbeg atly bedew Gahryman Arkadagymyzyň ulagynyň ýanyna geldi. Düşbi bedew aýaklary bilen peşäp, Milli Liderimizi ak ýola ugradýan mysaly başyny silkeledi. Alym Arkadagymyz bedewiň başyny sypalap durşuna hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi