«Nebitgazylmytaslama» institutynyň «Guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek» laboratoriýasynda nebitli guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmekde gerek bolan himiki serişdeleri we düzümleri almak boýunça ylmy-barlag işleri ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň dowamynda alym-hünärmenler tarapyndan işlenip taýýarlanan «Nebit we gaz guýularynda gatlak suwlaryny izolirlemegiň usuly» atly 883 belgili oýlap tapyşa Türkmenistanyň çäklendirilen patenti alyndy.
Hödürlenilýän usul bolan alýumin gossipolýatynyň çökündisi bilen gatlak suwuny çäklendirmek işlerini geçirmek üçin zerur hasaplanylan tehnologik işleriň meýilnamasy düzüldi we Goturdepe nebitgaz käniniň önüminiň suwlulygy ýokary bolan 3 guýusynda önümçilikde synag işleri geçirildi. Geçirilen synag işlerinde netijelilik gazanylandygyny göz öňünde tutup, ony önümçilikde ulanmak teklip edildi.
Agzalan laboratoriýanyň hünärmenleri «Asfalten-smola we parafin çökündilerinden arassalamagyň usuly» atly 923 belgili oýlap tapyşyň çäklendirilen patentiniň eýesi boldular. Bu oýlap tapyş nebit guýularynyň göteriji we nebit akdyryjy turbalarynda hem-de guýynyň düýpýaka zolagynda emele gelýän parafin gatlaklaryny arassalamakda diýseň ähmiýetlidir.
Önümçilikde ulanmak üçin ýaramly, elýeter we arzan himiki serişdeleri işläp almak boýunça Gyýanlydaky polimer zawodynyň piroliz önümi bolan pirobenzini ulanyp görmeklige degişli ylmy-barlag tejribe işleri geçirildi. Seljermäniň netijelerine esaslanyp, parafini aýyrmakda pirobenzini gyş we tomus möwsüminde ulanmagyň gözükdirijisi laboratoriýanyň alym-hünärmenleri tarapyndan işlenip düzüldi we «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitgaz çykaryş müdirliklerinde ulanmak üçin hödürlendi.
Çeşme: Türkmenmetbugat