Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Nebitçileriň batly gadamlary
19.01.2024

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünlikli jemlediler we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna ynamly gadam basdylar. Bu ýerde şol döwürde nebit berýän guýulardan çykarylyp, döwlete tabşyrylan «gara altynyň» umumy möçberi 580,8 müň tonnadan hem köp boldy. Munuň özi bu baradaky bellenilen ýyllyk tabşyrygyň 112,6 göterim berjaý edilendiginden habar berýär. 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depginini 115,5 göterime çenli ýokarlandyrmagy başaran gumdagly nebitçiler täze ýylyň ilkinji aýynyň meýilnamasyny-da möhletinden öň ýerine ýetirmegi maksat edinýärler.

Kuwwatly desgalardyr enjamlara başarjaňlyk bilen erk edýän hünärmenleriň irginsiz tagallalary netijesinde önüm berýän guýulara tehniki hyzmat öz wagtynda we döwrebap ýola goýulýar. Hut şu ýagdaýyň özi-de kärhanada bellenilen meýilnamalaryň hemişe artygy bilen amal edilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Kärhana boýunça hasabat döwründe tabşyryga goşmaça 4,4 million kub metre golaý mawy ýangyjyň çykarylmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.