Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Nebitgazçylaryň neşiri şaşka boýunça bäsleşik yglan etdi
16.01.2024

Türkmenistanyň milli şaşka merkezi «Nebit-gaz» gazetiniň, «Ussatnews» elektron gazetiniň redaksiýalary bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň 33 ýyllygyna bagyşlap, sportuň şaşka görnüşi boýunça bäsleşik yglan edýär.

 BÄSLEŞIGIŇ DÜZGÜNNAMASY

I.Bäsleşigi geçirmegiň tertibi

 Bäsleşik 2024-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 5-nji sentýabr aralygynda dowam eder. Onuň jemi şu ýylyň 5-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde jemleniler we ýeňijiler yglan ediler.

Bäsleşigiň dowam edýän döwründe gazetiň her sanynda okyjylara Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mugallymy, Bütindünýä Intellektual oýunlarynyň ýeňijisi, Türkmenistanyň milli şaşka merkeziniň agzasy Maksat Durdyýew tarapyndan täze şaşka meseleleri hödürleniler.

Bäsleşikde hödürleniljek meseleleriň her biriniň utugy tapawutly bolar, her mesele çap edilende, onuň ýanyndan näçe utuk berilýändigi ýazylar. Bäsleşige gatnaşyjylar meseleleriň çözgütlerini «Nebit-gaz» gazetinde çap edilen gününden başlap on günüň dowamynda poçta ýa-da faks bilen gazetiň redaksiýasyna ibermelidirler («Nebit-gaz» gazetiniň salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 58-nji jaý, tel/faks: 44-19-13).

II. Bäsleşige gatnaşmagyň şerti

Bäsleşige «Nebit-gaz» gazetiniň her bir okyjysy gatnaşyp, meseleleriň çözgütlerini redaksiýa iberip biler. Iberilen çözgütleriň ýany bilen awtoryň öý salgysy, telefon belgisi, işleýän ýa-da okaýan ýeri takyk görkezilmelidir.

III. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemek

Bäsleşige hödürlenilen şaşka meseleleriniň çözgütlerine baha bermek, ýeňijileri kesgitlemek Türkmenistanyň milli şaşka merkeziniň, «Nebit-gaz» gazetiniň, «Ussatnews» elektron gazetiniň redaksiýalarynyň wekillerinden düzülen eminler topary tarapyndan gelnen netijä laýyklykda amala aşyrylar.

Eminler toparynyň çykaran çözgüdine laýyklykda, bäsleşikde oňat netije gazanan bäş ýeňiji Hormat hatlary we baýraklar bilen sylaglanylar.

Guramaçylyk topary.