Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Ýangyç-energetika toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda işleri dowam etdirmek wajyp – Türkmenistanyň Prezidenti
16.01.2024

12-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalary hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň birnäçe meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, önümçilikleriň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen, olar zerur bolan serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilýär. Şeýle hem toplumyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, tehnikalary we enjamlary täzelemek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly işler amala aşyrylýar.

Prezident hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany toplumyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.