Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody 2023-nji ýylda nebitiň gaýtadan işlenilişini 10,7% artdyrdy
15.01.2024

Lebap welaýatynda ýerleşen Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody 2023-nji ýyly ýokary görkezijiler bilen jemledi. Tamamlanan ýylyň dowamynda hem kärhana boýunça çig mallaryň 489 müň 684 tonnasy gaýtadan işlenilip, 413 müň tonnadan gowrak önüm öndürildi.

Munuň özi çig mallary gaýtadan işlemek we degişli önümleri öndürmek boýunça ýyllyk meýilnamalaryň degişlilikde agram hasabynda 110,7 we 100,2 göterim amal edilendigini aňladýar. Kärhanada önümçilige döwrebap enjamlaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy bu ýerde öndürilýän önümlere bolan islegiň, şol sanda daşary ýurt sarp edijileriniň hem sanynyň artmagyna şert döredýär. Bu bolsa taýýar önümleri ýerleşdirmek boýunça hem netijeli işler alyp barmaga ýardam edýär.

Öndürilen harytlyk önümleriň 230 müň 390 tonnadan gowragy A-95, A-92 we A-80 kysymly benzin, 123 müň 680 tonna golaýy hem dizel ýangyjydyr. Şeýle hem zawodda dekabr-ýanwar aýlarynda jemi 30 müň 65 tonna golaý agyr wakum gazoýly, 5 müň 375 tonna mazut, 22 müň 680 tonna golaý hem ýol bitumy öndürilipdir.

Kärhanada öndürilýän önümleriň Özbegistan, Owganystan, Gruziýa, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly döwletlere eksport edilýändigini belläp geçmek bolar. Bu bolsa daşary döwletler bilen özara ysnyşykly gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge, şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagyna itergi berýär.

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtandan işleýän zawodlar toplumynyň düzümine girýän SNGIZ ýurduň iň iri senagat kärhanalarynyň biridir.

SNGIZ-iň düzüminde 2015-nji ýylda ýyllyk kuwwaty 37 müň tonnadan gowrak ýol bitumyny öndürmäge ukyply bolan desga guruldy. Şeýle hem bu ýerde 2017-nji ýylda önümçilik kuwwaty ýylda 500 müň tonna ýetýän ýokary oktanly benziniň önümçiligi ýola goýuldy.