Hökümetiň 12-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, önümçilikleriň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen, olar zerur bolan serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilýär. Şeýle hem toplumyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, tehnikalary we enjamlary täzelemek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly işler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz toplumyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.