«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işgärleri 2023-nji ýylda netijeli zähmet çekdiler. Häzirki zamanyň kuwwatly desgalarydyr kämil tilsimatlaryna eýe bolan zawodlar toplumynyň hünärmenleri «gara altyny» gaýtadan işläp, dürli görnüşli awtoulag hem-de dizel ýangyjyny, çalgy ýagyny, polipropileni, suwuklandyrylan gazy we beýleki nebithimiýa önümlerini dünýä hil ülňüleriniň talaplaryna laýyk öndürmegi başardylar. Bu barada welaýat neşirinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, kuwwatly kärhanada 2023-nji ýylda «gara altynyň» 4 million 504 müň 557 tonnasy gaýtadan işlenildi. Gürrüňi edilýän döwürde kuwwatly kärhana boýunça benziniň 1 million 395 müň 602, ýangyç kerosininiň 428 müň 867, dizel ýangyjynyň 1 million 390 müň 95, polipropileniň 63 müň 563, suwuklandyrylan gazyň 102 müň 923 tonnasy, çalgy ýaglarynyň bolsa 57 müň tonnadan gowragy taýýarlandy diýlip, habarda bellenilýär.
Çeşme: Türkmenmetbugat