Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň çäklerinde 5-nji ýanwarda türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly birnäçe resminama gol çekild. Munuň özi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň iş saparynyň ýokary netijeli geçendigine şaýatlyk edýär.
Habar berlişi ýaly, gol çekilen resminamalaryň hatarynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama (şu özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň maksady taraplaryň “Galkynyş” gaz käniniň III tapgyryny özleşdirmek üçin strategik hyzmatdaşlary çekmek meýlinden we olaryň tebigy gazy sebitiň ýurtlaryna we beýleki döwletlere ibermek üçin gaz geçiriji infrastrukturany gurmaga degişli energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiliginden ybaratdyr); “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama (şu hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnamanyň maksady taraplaryň metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak ulgamynda özara bähbitli ylmy-tehniki we ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini öwrenmek meýlinden ybaratdyr); Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de “First Abu Dhabi Bank” arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bar.