29-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ruhyýet” köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy deputatlaryň adyndan ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, eziz Watanymyzyň rowaçlygy, mähriban halkymyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan köptaraply işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly döwrebap atlandyrmak ýörelgesi indi asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň genji-hazynasyna, ynsanlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemekde milli edep-terbiýe mekdebine öwrülen gymmatly edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak maksady bilen, toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Ýokarda beýan edilenleriň esasynda, 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrmak, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip atlandyrmak barada Mejlisiň karary taýýarlanyldy. Soňra bu karar dolulygyna okaldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna geljek ýylyň nyşany hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, her ýyly döwrebap atlandyrmak üçin ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz milli parlamentiň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekilleriniň, deputatlaryň we halkymyzyň geljek ýylyň şygary hem-de nyşany baradaky beýan eden teklibini makullap, 2024-nji ýylyň şygaryny “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdi.
Bu çözgüt şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy türkmen ýaşlarynyň durmuşyna, ykbalyna we ähli ulgamlarda gazanan üstünliklerine bagyşlanan “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynyň neşir edilmegi bilen gutlady. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy egindeşleriniň adyndan ýetip gelýän 2024-nji ýyl bilen gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine ähli başlangyçlarynda we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Bellenilişi ýaly, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýen şygar astynda geçýän 2023-nji ýyl, hakykatdan-da, döwletimiz we halkymyz üçin üstünlikli, rysgal-bereketli ýyl boldy. Bu döwürde jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda, hususan-da, syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki ulgamlarda döredilen giň mümkinçilikleriň netijesinde uly ösüşler gazanyldy. Wise-premýer geljek ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu şygaryň çuň many-mazmuna eýedigini belledi.
Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda döwletimiz tarapyndan halkymyzyň gymmatly medeni mirasyny wagyz etmek, nusgawy edebiýatymyzyň meşhur şahsyýetleriniň eserlerini halkara derejede ýaýmak ugrunda uly tagalla edilýär. Bu babatda beýik akyldar, söz ussady Magtymguly Pyragy aýratyn orun eýeleýär. Onuň döredijiligine bütin dünýäde uly sarpa goýulýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mynasyp dowam etdirmeginde Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de onuň çäginde nusgawy şahyryň belent heýkeliniň bina edilmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Wise-premýer, daşary işler ministri Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda, daşary döwletlerde türkmen halkynyň beýik oglunyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan köp sanly ylmy-medeni we beýleki çäreleriň meýilleşdirilendigini belläp, indiki ýylda bu ugurda halkara wakalaryň ýokary derejede geçiriljekdigine ynandyrdy.
Geçip barýan 2023-nji ýylyň ýene bir möhüm waka bilen tapawutlanandygy aýratyn bellenildi. Bu ýylyň soňky günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyna we dünýä jemgyýetçiligine öz ajaýyp eseri bolan “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabyny sowgat berdi. Ýaşlara bagyşlanan şunuň ýaly gymmatly neşiriň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda çap edilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Çünki bu eserde ýaş nesliň wekilleriniň durmuşymyzda we jemgyýetimizde tutýan ornuna mynasyp baha berilýär.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça tagallalaryny mynasyp dowam etdirýär. Ýurdumyzyň häzirki abadan durmuşy we röwşen geljegi ýaşlar bilen baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin giň mümkinçilikleri döretmegiň, olara ýol açmagyň zerurdygyny, sebäbi geljegimiziň ýaşlar bilen baglydygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nygtaýşy ýaly, ýaşlaryň gujur-gaýratyny ýaşulularyň tejribesi bilen utgaşdyrmaly.
Şu ýylda ýaşlaryň işleri we ýaşlar barada, olaryň gönüden-göni gatnaşmagynda geçen milli we halkara derejeli çäreler ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda wajyp ähmiýetli wakalara öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kitabynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň gazanan uly üstünlikleri we ýeten belent sepgitleri barada giňden beýan edilýändigini ýene-de bir gezek nygtap, wise-premýer, daşary işler ministri “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby daşary döwletleriň, hususan-da, goňşy ýurtlaryň wekilleriniň öz dillerine terjime etmek barada ýüzlenýändiklerini belledi. Olar bu gymmatly eseri özleriniň ösüp gelýän ýaş nesillerini terbiýelemek işinde ulanmagy göz öňünde tutýarlar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenen gymmatly kitabyň neşir edilmegi, şeýle hem ýetip gelýän Täze ýyl bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza döredijilik işinde uly üstünlikleri, berk jan saglyk we uzak ömür arzuw etdi.
Soňra bilelikdäki giňişleýin mejlise gatnaşyjylara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby sowgat berildi. Ýygnananlar bu bahasyna ýetip bolmajak sowgady hoşallyk bilen kabul etdiler. Çuň many-mazmunly bu eser giň gözýetimli ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek işinde gymmatly gollanma bolar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde, eziz Watanymyzy tüýs ýürekden söýýän, hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesli kemala getirmek döwlet syýasatynyň strategik wezipeleriniň biri bolup durýar. Täze kitap hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyzyň bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary terbiýelemäge, olaryň mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly eseri ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni durmuşyna, eziz Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýan ýaşlar üçin ruhy goldaw bolar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 2023-nji ýylyň tamamlanyp barýandygyny, bu ýylyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hökmünde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň taryhynda hemişelik galjakdygyny belledi.
Geçip barýan ýylda Ministrler Kabinetiniň 46, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 10 mejlisi, şeýle hem dürli döwlet maslahatlarynyň 44-si geçirildi. Bu mejlislerde, maslahatlarda döwletimiziň içeri we daşary syýasatyna degişli möhüm meselelere seredildi. Bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýeti ösdürmek üçin maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar, ähli pudaklarda ýokary ösüş depginleri gazanylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň 10 göterim artdyrylan möçberleri öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirilýär. «Döwlet adam üçindir!», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we Garaşsyz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde önümçilik, medeni-durmuş desgalarynyň, iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygynyň dowam edýändigini kanagatlanma bilen belledi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hökmünde Türkmenistanyň iň täze taryhyna giren şu ýyl halkara we içeri syýasy ähmiýetli ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Bu wakalar döwletimiziň durmuş-ykdysady, ruhy ösüşiniň dürli ugurlaryny öz içine alýar.
Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň iýun aýynda Arkadag şäheriniň açylmagy ṣol wakalaryň hatarynda möhüm orun eýeledi. Bu şähere kanunçylyk esasynda aýratyn hukuk derejesi — döwlet ähmiýetli şäher derejesi berildi. Mälim bolşy ýaly, bu ägirt uly taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Gurluşygyň tamamlanan birinji tapgyrynyň çäklerinde durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy bina edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen sebitde deňi-taýy bolmadyk “smart-sitiniň” — sanly we “akylly” tehnologiýalar merkeziniň gurulmagy döwletimiziň ykdysady taýdan örän kuwwatlydygynyň, ylmy-tehniki ösüşiň belentliklerine tarap ynamly barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň günsaýyn gözelleşýän ak mermerli paýtagty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi munuň aýdyň nyşanydyr.
Döwlet Baştutanymyz daşary syýasatyň meselelerine degip geçip, «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, Bitarap Watanymyz sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde örän möhüm wezipeleri çözmek üçin tagalla edýär. Şeýle-de abraýly halkara we sebit guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň ençeme Kararnamalary Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen taýýarlanyldy we kabul edildi diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen birlikde, Garaşsyz Türkmenistan beýleki iri halkara we sebit guramalary bilen hem netijeli işleri alyp barýar.
Şu ýylyň dowamynda biziň ýurdumyz ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek, dünýä döwletleri bilen medeniýet, ylym-bilim we sport ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek boýunça yzygiderli işleri geçirdi. Parlamentara hyzmatdaşlygyň gerimi giňäp, mazmuny baýlaşdy. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça zerur tagallalary edip, energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi we beýleki ugurlar babatda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň edýän tagallalary dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar tarapyndan giňden goldanylýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda biragyzdan kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamalar, şeýle hem biziň ýurdumyzyň dört sany dürli halkara guramanyň düzümine saýlanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny dünýäde wagyz etmek maksadyndan ugur alyp, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen netijeli hem-de ulgamlaýyn esasda hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasy bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi», Gazagystan we Özbegistan Respublikalary bilen hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalary bu guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy.
Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl dabaralaryna taýýarlyk meselelerine geçip, baýramçylyk günlerinde şäherleriň we obalaryň kadaly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýän ähli gulluklaryň nobatçylygyny guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Baýramçylyk günlerinde raýatlarymyz gowy dynç alar ýaly ähli şertleri döretmek üçin ýurdumyzyň medeni-dynç alyş edaralarynda, teatrlarynda we sirklerde gyzykly çykyşlary guramak zerurdyr. Teleradioýaýlymlarda hem täsirli gepleşikleri bermek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl baýramçylygy günlerinde şäherlerde we obalarda jemgyýetçilik ulaglarynyň kadaly gatnamagyny üpjün etmegi, ilata aragatnaşyk hyzmatlarynyň bökdençsiz üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Ilata söwda hyzmatyny talabalaýyk ýola goýmak, bazarlarda we dükanlarda dürli görnüşli harytlaryň bolçulygyny üpjün etmek zerurdyr.
Baýramçylyk günlerinde her bir ýolbaşça nobatçylygy ýokary derejede guramak tabşyryldy. Baýramçylyk günlerinde her bir häkimlik, ministrlik we pudak edarasy boýunça nobatçy bellenilmelidir. Jemagat hojalygy, elektrik, suw üpjünçilik gulluklarynyň, hassahanalaryň, jemgyýetçilik ulaglarynyň we dükanlaryň takyk hem-de bökdençsiz işlemegini üpjün etmegiň wajypdygyna üns çekildi.
Şeýle-de döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara baýramçylyk günleri raýatlarymyz gowy dynç alyp, Täze ýyly ýokary derejede belläp geçer ýaly, ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini jemläp, ýygnananlary täze — 2024-nji luw ýyly bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere geljek ýylda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, berkarar döwletimizi ählitaraplaýyn ösdürmek ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.