Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Nebitgaz we geologiýa işgärleri döwlet sylagyna mynasyp boldular
28.12.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 27-nji dekabrda gol çeken permany bilen ýurdumyzyň nebitgaz we geologiýa işgärleri beýleki ildeşlerimiz bilen bir hatarda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandylar.

Sylaglananlaryň arasynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geologiki maglumatlar merkeziniň guýy maglumatlary toparynyň başlygy Arslan Awezmyradowiç Annamyradow we «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän 1-nji sehiniň desga başlygy Şaguly Durdygylyjowiç Hojaýew hem bar.

Döwlet sylaglaryna mynasyp bolan ildeşlerimiziň sylaglary ýurdumyzda ýaşlaryň halkara maslahatynyň geçirilýän gününde dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.