Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Aşgabatda «Dragon Oil»-iň täze edarasy açyldy
28.12.2023

Aşgabat şäherinde «Dragon Oil» nebit kompaniýasynyň täze edarasynyň açylyş dabarasy boldy. Dabara «Türkmennebit» döwlet konserniniň, «Dragon Oil» kompaniýasynyň ýolbaşçylary hem-de BAE-niň ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berdi.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň ýolbaşçysy Guwanç Agajanow hem-de «Dragon Oil» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan öz çykyşlarynda täze edaranyň açylmagynyň Türkmenistan bilen kompaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyryny alamatlandyrýandygyny bellediler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň alyp barýan syýasaty netijesinde ýurtda maýa goýumlary üçin amatly şertler döredildi, muny «Dragon Oil» bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy tassyklaýar.

Mundan ozal, «Turkmennebit» DK bilen «Dragon Oil» kompaniýasynyň arasynda önümi paýlaşmak şertnamasyny 2035-nji ýyla çenli uzaltmak barada ylalaşyga gazanylypdy. Kompaniýa Türkmenistanda nebit we gaz ýataklaryny, hususan-da, Hazar deňzindäki Jeýtun we Jygalybeg gözleg we özleşdirmek üçin uly mukdarda maýa goýumyny gönükdirdi.

«Dragon Oil» kompaniýasynyň täze edarasynyň açylmagy kompaniýanyň türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny görkezýär.