Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat we sergi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen ýaşlarynyň ukyp-başarnyklaryny, zehinini açyp görkezýän, olaryň ylym-bilimde, medeniýetde, sungatda, sportda we ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gazanan üstünliklerini dabaralandyrýan giň göwrümli sergi guraldy.
Iri halkara maslahatyň umumy mejlisinden soň forum öz işini bölümçelerde hem dowam etdirdi. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda nebitgaz pudagynda ýaşlaryň orny» atly bölümçede edilen çykyşlarda ýurtda soňky ýyllarda nebitgaz pudagynda ýetilen sepgitler, ulgamyň ösüş depgininiň ýokarlanmagynda ýaş hünärmenleriň yhlasly zähmetiniň ähmiýeti dogrusynda bellenildi.
Soňra Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň Baş dolandyryjysy Maýkl Harris sanly ulgam arkaly çykyş edip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýeti» tarapyndan hil baýragyna mynasyp görlendigini yglan etdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew konserniň Gazakdyryş we gazüpjünçilik müdirliginiň başlygy Rustam Tekeýewe «Quality Achievements Awards 2023» atly halkara hil baýragyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Ozal Türkmenistanda geçýän ýörite halkara ylmy-amaly maslahatyň we serginiň yaslarforum.gov.tm web sahypasynyň açylandygy habar beripdik.