Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Ýaşlar forumynda nebitgaz toplumynyň innowasion diwarlygy ýerleşdirildi
27.12.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly forum açyldy. Maslahatyň maksatnamasy türkmen ýaşlarynyň ähli ugurlarda Türkmenistanyň ösüşine goşýan goşandyny açyp görkezmegi öz içine alýar.

Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň ýaşlarynyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar şygary bilen geçirilen ýylda gazanan üstünlikleriniň sergisi hem guraldy. Onda ýurduň beýleki toplumlary we pudaklary bilen bir hatarda nebitgaz toplumyna hem aýratyn orun berildi. Toplumyň sergide ýerleşdirilen diwarlygynda onuň düzüminde zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň 2023-nji ýylda gazanan ylmy, döredijilik, zähmet we sport üstünliklerini görkezýän diplomlar, şahadatnamalar, Hormat hatlary ýerleşdirilipdir. Şeýle-de diwarlykda sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen gazanylan üstünlikler, toplumda alnyp barylýan işler hem-de durmuşa geçirilýän taslamalar barada onlaýn usulda tanyşmaga we «VR» görnüşde gezelenç etmäge şert döredilipdir.

Mundan başga-da, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly forumyň dowamynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda nebitgaz pudagynda ýaşlaryň orny» atly bölümçe maslahaty guraldyÇykyşlarda nebitgaz toplumynda zähmet çekýän ýaş türkmenistanlylara döredilýän şertler we olaryň öňünde durýan wezipeler barada giňişleýin gürrüň edildi.

Ýeri gelende bellesek, şu gün 2023-nji ýylda ylymda, döredijilikde, zähmetde uly üstünlikleri gazanan we sportda ýokary netijeleri görkezen ýaşlara döwlet sylaglary we sowgatlary gowşurylar. Olaryň arasynda nebitgaz toplumynda zähmet çekýän ýaşlar hem bar.