Şu gün Aşgabatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat we sergi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen ýaşlarynyň ukyp-başarnyklaryny, zehinini açyp görkezýän, olaryň ylym-bilimde, medeniýetde, sungatda, sportda we ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gazanan üstünliklerini dabaralandyrýan giň göwrümli sergi guraldy.
Sergä ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat Gaznasy gatnaşýar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahata we sergä gatnaşyjylar ýokary derejede geçýän forumyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda aýratyn möhüm wakadygyny buýsanç bilen belleýärler.
Iri halkara forum öz işini bölümçelerde hem dowam etdirdi. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda nebitgaz pudagynda ýaşlaryň orny» atly bölümçede ýurdumyzda soňky ýyllarad nebitgaz pudagynda ýetilen sepgitler, ulgamyň ösüş depgininiň ýokarlanmagynda ýaş hünärmenleriň yhlasly zähmetiniň ähmiýeti dogrusynda çykyş edildi. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Arkadag şäher gaz» hojalyk müdirliginiň Düýpli gurluşyk bölüminiň 1-nji derejeli inženeri Hekim Geldiýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebiti gaýtadan işlemek müdirliginiň baş hünärmeni Sona Kerimowa, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Geologiki maglumatlary merkeziniň Guýy maglumatlary toparynyň başlygy Arslan Annamyradow çykyş edip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda nebitgaz toplumynda guwandyryjy üstünlikleriň gazanylandygyny, tamamlanyp barýan ýylyň önüm öndürmekde üstünliklere beselenýändigi dogrusynda bellediler. Şeýle-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň we serginiň öz dürli ugurlarda ýaşlar hyzmatdaşlygyny halkara derejede has-da ösdürmekde täze mümkinçilikleri açmaga goşant goşjakdygyny nygtadylar.