Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça iki sany Kararnama kabul etdi
22.12.2023

 19-njy dekabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň 48-nji umumy mejlisinde biragyzdan «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek» atly Kararnamany kabul etdi.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenip düzülen bu kararnama 47 döwlet awtordaş bolup çykyş etdi.

Bu kararnama agza döwletleri durnukly ösüş üçin zerur bolan ähli ugurlarda ulag ulgamynyň we transport infrastrukturasynyň dowamly işlemegine we pugtalandyrylmagyna goldaw bermäge çagyrýar.

2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň umumy mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde ulag ulgamyndaky Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişine ünsi çekdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu möhüm ugurda gepleşikler üçin netijeli halkara platformalaryny döretmegiň başyny başlady.

Bu nukdaýnazardan, 2016-njy ýylda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulaglar boýunça ilkinji global maslahaty, şeýle hem 2023-nji ýylyň tomsunda Türkmenistanda BMG bilen hyzmatdaşlykda guralan, deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara duşuşygy üstünlikli geçirildi.

* * *

Şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasy 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda 78-nji mejlisiň 48-nji umumy mejlisinde biragyzdan «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamany hem kabul etdi.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenip düzülen kararnama 38 döwlet awtordaşlyk etdi.

Kararnama, ykdysady integrasiýany we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin milli, sebit we dünýä derejesinde, energiýa birikmesiniň ygtybarlylygyny hem-de durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, esasanda hemmeler üçin elýeterli, ygtybarly, dowamly we döwrebap energiýa çeşmelerini üpjün etmekde durnukly ösüş pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny dowam etdirmegi talap edýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2024-nji ýylyň başynda strategiýalary ara alyp maslahatlaşmak, energiýa birikmesini hem-de energiýa çeşmeleriniň hereketini güýçlendirmek ugrundaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, durnukly ösüşi gazanmakda we içerki energiýa çeşmeleri çäkli ýurtlaryň isleglerini kanagatlandyrmakda olaryň esasy ornuny ykrar etmek arkaly halkara hünärmenler duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi