Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Türkmenistan – ÝB» bilelikdäki komitetiniň mejlisinde nebitgaz, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy
22.12.2023

Brýusselde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki komitetiniň 22-nji mejlisi geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň makroykdysady ýagdaýy we onuň dünýä ykdysadyýetiniň integrasiýasyna ymtylmalary, esasanda ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmak islegleriniň çäklerinde ýokardaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Energetika we daşky gurşaw meseleleri, gaz eksport strategiýalary, metanyň zyňyndylaryny azaltmak başlangyçlary we wodorod ýaly täzelenip bilýän energiýa çeşmeleriniň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ulag, bilim, ýaşlar syýasaty, gözleg we innowasiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýewropa Komissiýasynyň Bilim, ýaşlar, sport we medeniýet boýunça baş müdirliginiň wekilleri, ÝDHG-niň wekilleri, Bilim we medeniýet boýunça Ýewropanyň ýerine ýetiriji gullugynyň, şeýle hem Ýewropa Komissiýasynyň Energetika boýunça baş müdirligi bilen geçirilen duşuşyklarda özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministri we bilelikdäki komitetiň ýolbaşçysy S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetine Bilim ministriniň orunbasary, "Türkmengaz" döwlet konserniniň we "Türkmenhowaýollary" agentliginiň wekilleri, şeýle hem beýleki degişli ministrlikleriň wekilleri gatnaşdylar.

Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa Ýewropanyň Daşarky Hereket Gullugynyň (ÝDHG) Dolandyryjysynyň Orunbasary, halkara hyzmatdaşlygy, söwda, energetika, hereket we ulag, howanyň üýtgemegi, daşky gurşaw, şeýle hem gözleg we innowasiýa bilen meşgullanýan Ýewropa Komissiýasynyň dürli müdirlikleriniň düzümleri wekilçilik etdi.