Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran konwensiýasynyň çäklerindäki taslamalary taýýarlamak baradaky mejlise gatnaşdy
21.12.2023

18-19-njy dekabrda Baku şäherinde, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak üçin Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasy) Sekretariatynyň gurnalyşy boýunça resminamalaryň taýýarlanyşyny ara alyp maslahatlaşýan Ýörite bilermenler toparynyň ilkinji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

Mejlise Hazarýaka döwletleriniň - Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň wekiliýetleri gatnaşdy.

Duşuşykda Tähran konwensiýasynyň Sekretariatynyň edaralaýyn mehanizmleri ara alnyp maslahatlaşyldy we Hazar deňziniň suwunyň azalmagynyň meseleleri boýunça iş toparyny döretmek baradaky konseptual meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.