Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Tokioda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
22.12.2023

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky ykdysady wekiliýetiň Ýaponiýa iş saparynyň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Saparyň çäklerinde Türkmen wekiliýetiniň agzalary Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen komitetiniň agzalary bilen bilelikdäki duşuşygy, Ýaponiýanyň hökümet edaralary, guramalary we maliýe institutlary, şeýle hem ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.

Duşuşyklaryň dowamynda türkmen wekiliýeti ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini we energiýa pudagynda, şol sanda uglerodyň bitaraplygyny gazanmak ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Saparyň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Awiasiýa häkimiýetleriniň arasynda göni howa gatnawuny ýola goýmak boýunça gepleşikler geçirildi we onuň netijeleri boýunça degişli resminama gol çekildi.