Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda nebitgaz senagatyndaky hyzmatdaşlyk boýunça täze ylalaşyklara gol çekildi
21.12.2023

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky ykdysady wekiliýet Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Bu sapar iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen möhüm wakalardan we çärelerden ybarat boldy. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy resmi saýtynda habar berýär.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň arasynda iki şertnama gol çekilmegi saparyň aýratyn netijesi boldy.

Şertnamalar Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawody abatlamak boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Bu ädim energetika hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek bilen, iki ýurda hem özara bähbitli bolup durýar.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti 14 sany duşuşyklary geçirildi hem-de iki tarapyň hem hyzmatdaşlyga ýokary derejede gyzyklanýandygyny we taýýardygyny görkezýän 3 sany möhüm resminama gol çekildi. Bu sapar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boldy hem-de bilelikdäki taslamalar we maýa goýumlary üçin täze mümkinçilikleri açdy.