Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli dabaralar geçirildi
15.12.2023

14-nji dekabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli dabara geçirildi. Çärä ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu waka mynasybetli iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen taryhy-syýasy baglanyşygy bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany wezipesinde işlän döwründe, 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi açylyp ulanmaga berildi we türkmen mawy ýangyjy Gündogara akdyrylyp başlandy.

«Taryha altyn harplar bilen ýazylan şol gün hem Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde yglan edildi» diýip Serdar Berdimuhamedow belleýär.

Çykyş edenler energiýa serişdeleriniň ätiýaçlyk gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň örän uly syýasy we ykdysady ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Bu käniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara ibermegiň mümkinçiliklerini giňeldýär. 

Häzirki döwürde türkmen energiýa serişdelerine bildirilýän isleg barha artýar. Şoňa görä-de, dünýä belli kompaniýalar we maliýe institutlary bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýarlar. Türkmenistanyň mawy ýangyjyň eksportyny köpugurly esasda ösdürmek strategiýasy bolsa uglewodorod serişdelerini çykarmak mümkinçilikleriniň artdyrylmagyndan ugur alýar. Tebigy gazy gaýtadan işläp, dünýä bazarynda isleg bildirilýän önümleri öndürmäge döwlet derejesinde uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap gazhimiýa toplumlary gurulýar we ulanmaga berilýär.

Çärä gatnaşyjylar «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny we durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek maksady bilen, ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmagyň göz öňünde tutulýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, nebit we gaz ýataklarynda netijeli, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalar, ylmyň soňky gazananlary, sanly çözgütler esasynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şeýle-de nebitgaz ýataklary özleşdirilende, uglewodorod serişdeleri çykarylanda, gaýtadan işlenilende hem-de sarp edijilere ýetirilende, ekologiýanyň we daşky gurşawy aýawly saklamagyň talaplaryny berjaý etmegiň wajypdygy bellenildi. Şol maksat bilen, ýurdumyzda birnäçe milli maksatnamalar kabul edildi. Olara laýyklykda, howanyň üýtgemegine täsiri peseltmek, metan zyňyndylarynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we aradan aýyrmak boýunça degişli çäreler durmuşa geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň belent münberinden Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi.

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli zähmetde aýratyn tapawutlanan nebitçilere, gazçylara, geologlara we ýangyç-energetika toplumynyň beýleki işgärlerine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Soňra «Nebitgaz baýlygym, hazyna-genjim,//Waspyn etsin diller, saňa buýsanjym» şygary astynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy boldy. Bäsleşik «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan nebitgaz senagaty pudagynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi hem-de «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde, pudagyň işgärleriniň arasynda nebitgaz toplumynyň üstünliklerini we gazananlaryny beýan edýän iň gowy makalalar, oçerkler, hekaýalar, fotoreportažlar boýunça yglan edildi.

Dabara gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça edilýän aladalar, türkmen nebitçilerine, gazçylaryna we geologlaryna bildirilýän uly ynam, olaryň netijeli işlemekleri, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekleri ugrunda döredilýän ähli şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär.

Soňra ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy.

Şol gün ýurdumyzyň ähli sebitlerinde Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi.