Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Balkanabatdaky Nebitçileriň medeniýet köşgünde aýdym-sazly dabara geçirildi
14.12.2023

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň baýramçylyk dabaralary şu gün Balkan welaýatynda hem ýatdan çykmajak täsirli wakalara baý boldy. Balkanabatdaky «Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebitçileriň medeniýet köşgünde geçirilen aýdym-sazly dabaraly maslahata ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň Balkan welaýatyndaky edara-kärhanalardan önümçiligiň öňdebaryjylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Olar Döwlet Baştutanymyzyň hünär baýramçylygy mynasybetli Gutlagyny ýokary ruhubelentlik bilen garşyladylar.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda nebit-gaz pudagynda ýetilen belent sepgitler» diýen at bilen geçen dabaraly maslahatda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk sütünleriniň biri bolan nebitgaz ulgamynda, geologiýa pudagynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan ösüşler dogrusynda buýsançly gürrüň edildi.

Dabaraly maslahatyň dowamynda Balkan welaýatynyň çäklerindäki uglewodorod çig malyna baý ýataklarda göreldeli zähmet çekýän nebitçilere, gazçylara we geologlara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Kärdeşler arkalaşygynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetleriniň we Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde gurnamaklarynda Balkanabatdaky Nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde geçiren aýdym-sazly dabaraly maslahaty hem bu hünär baýramçylygynyň özboluşly dowamyna öwrüldi. Orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlaryň dowamynda konserniň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän önümçiligiň öňdebaryjylaryna, şeýle hem «Türkmennebit» döwlet konserniniň Kärdeşler arkalaşygy hünär baýramçylygynyň şanyna sportuň dürli görnüşleri boýunça geçiren ýaryşlarynda ýeňiji bolan toparlara ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.