Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Nebitgaz toplumynda hünär baýramçylygy mynasybetli dabara geçirildi
14.12.2023

Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärleriniň güni bellenilip geçilýär. Şu mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu pudaklaryň işgärlerine Gutlag hatyny iberdi.

Hünär baýramçylygyna bagyşlanyp şu gün nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda nebitgaz senagatynda we geologiýa pudagynda ýetilen sepgitlere bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata degişli toplumyň ýolbaşçylary, edara-kärhanalarynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmakda, nebiti we gazy çuň gaýtadan işlemek arkaly täze önümçilikleri gurmakda, öň bar bolan desgalary döwrebaplaşdyrmakda, täze ýataklary agtarmakda, özleşdirmekde, guýularyň önümçilik kuwwatyny artdyrmakda, zawodlara ylmyň soňky gazanan tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda, daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, toplumyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygynyň bellenilen ýylynda hem gaz we nebit işleri netijeli alnyp baryldy. Çärede çykyş eden işgärler nebitgaz senagatynyň şu we beýleki üstünlikleri barada durup geçdiler.

Dabaraly pursatlarda önümçilikde ýokary netijeleri gazanan, hünär ussatlygy bilen tapawutlanan, ukyp-başarnygy boýunça kärdeşlerine görelde bolan nebitçileriň, gazçylaryň, geologlaryň, nebithimiýaçylaryň, hyzmat gullugynyň işgärleriniň onlarçasyna hormatly Prezidentimiziň adyndan  gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.