Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Aşgabatda täze ýangyç guýujy beket işläp başlady
14.12.2023

Düýn paýtagtymyzyň Berkararlyk etrabynyň çäginde awtoulaglara ýangyç guýujy täze bekediň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärleriniň hünär baýramyna özboluşly sowgat boldy. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirligine degişli täze bekediň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi.

Bir gije-gündiziň dowamynda 1500 awtoulaga hyzmat etmäge niýetlenen ýangyç guýujy beketde degişli hyzmatlaryň ýokary derejede ýerine ýetirilmegini üpjün edýän ähli zerur şertler döredilipdir. “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň garamagyndaky Hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň işgärleriniň we hünärmenleriniň bilelikdäki zähmeti netijesinde gurlup ulanmaga berlen beketde awtoulaglara dürli görnüşli ýangyçlary guýmak hyzmaty bilen bir hatarda, ýangyç howpsuzlygy kadalaryny berk berjaý etmek üçin hem mümkinçilikler döredilipdir. Bu ýerde işleýän hünärmenleriň netijeli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy üçin ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulmagy bolsa hödürlenilýän hyzmatlaryň, alnyp barylýan işleriň ýokary derejede amal edilmegine ýardam berýär. Beketde awtoulaglara guýulýan ýangyjyň möçberi, ýerine ýetirilen işler boýunça hasabatlar, degişli seljermeler ýöriteleşdirilen enjamlar arkaly amala aşyrylýar. Bu bolsa işleriň talabalaýyk guralmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Täze desganyň açylyş dabarasynda çykyş edenler ýurdumyzda, ähli ugurlar bilen bir hatarda, nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi boýunça meselelere hem uly üns berilýändigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar. Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň nebitgaz we geologiýa pudaklarynda alnyp barylýan işler ýokary görkezijilere eýe bolýar. Şunda iri senagat toplumlarynyň, gaz geçiriji ulgamlaryň, gaýtadan işleýän düzümleriň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýangyç guýujy bekediň bina edilmeginde has tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlaryň gowşurylmagy dabaranyň tolgundyryjy pursatlaryna beslendi.

Soňra täze beket awtoulaglara hyzmat edip başlady. Desganyň özboluşly binagärlik aýratynlygy, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, ýangyç guýujy enjamlaryň ýerleşdirilişi bu ýerde degişli hyzmatlaryň göwnejaý amala aşyrylmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär.