Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanda ýene bir gaz akymy ýüze çykaryldy
14.12.2023

Ýurdumyzyň sebitlerinde täze gaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan möhüm wezipeleri amala aşyrmakda netijeli işler alnyp barylýar. «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan ulanyş guýularynyň birbada birnäçesini burawlamak, gurluşygyny doly tamamlap, ulanyşa girizmek boýunça düzülen iş meýilnamasyna laýyklykda, konserniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary Tagtabazar gaz känindäki 29-njy belgili ulanyş-baha beriş guýusyndan, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň burawlaýjylary «Galkynyş» gaz känindäki 312-nji ulanyş guýusyndan tebigy gazyň senagat taýdan ähmiýetli gaz akymyny aldylar. Munuň özi gazçylaryň döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 28 ýyllygyna hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe taýýarlan ajaýyp toý sowgady boldy.

«Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary tutanýerli zähmet çekip, guýynyň burawlaýyş işlerini 1940 metr çuňluga ýetirdiler. Burawlaýjylar berilýän kömek-goldawlar hem-de burawlamakda toplanan baý iş tejribesi arkaly, 1893 — 1883 metr çuňlukdaky aralykdan senagat taýdan ähmiýetli gaz akymyny aldylar. Bu guwandyryjy zähmet üstünligi birnäçe aýyň dowamynda egin-egne berlip, agzybirlikli çekilen zähmetiň miwesidir. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gaz guýusy bir gije-gündizde 226 müň 400 kub metr tebigy gaz berýär. Gazyň düzüminiň arassa bolmagy bu ýatagyň mawy ýangyjynyň iň esasy aýratynlygydyr. Bu bolsa şu ulanyş-baha beriş guýusyndan alynjak gazyň hil babatda dünýä ölçeglerine laýyk bolmagyny şertlendirýär. Hünärmenler guýynyň önüminiň ykdysady taýdan bähbidiniň ýokary boljakdygyny aýdýarlar.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň burawlaýjylary-da dünýä belli «Galkynyş» gaz känindäki 312-nji ulanyş guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny alyp, ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar. Olar buraw işlerini 4590 metr çuňlukda ýerine ýetirdiler. Gazçylar 4527 — 4315 metr aralyklardaky gatlaklarda, jemi 130 metr aralykda geçirilen atyş-partladyş işleriniň netijesinde, senagat ähmiýetli gaz akymyny aldylar. Hünärmenleriň bellemegine görä, ulanyş guýusy her gije-gündizde 1 million 700 müň kub metrden gowrak tebigy gaz berýär. Bu işde ýaş gazçylaryň hem uly goşandynyň bolmagy buýsandyryjydyr. Guýynyň buraw-gurluşyk işlerinde «Galkynyş» gaz käniniň geologik-tehniki häsiýetlerine gabat gelýän, Ýaponiýanyň öňdebaryjy «Sumitomo» kompaniýasynyň oturtma we sorujy-gysyjy turbalary, çüwdürim armaturalary hem-de sütün başlary, şeýle-de ABŞ-nyň dünýä belli kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly ýerasty enjamlary giňden ulanyldy.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünlikli jemlemek maksady bilen, Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän beýleki gaz känlerinde-de guýulary burawlamak işleri ýokary depginde alnyp barylýar.