Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Waspyn edýär diller hazyna-genjiň
14.12.2023

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy welaýat döwlet drama teatrynda «Nebitgaz — baýlygym, hazyna-genjim, waspyň etsin diller saňa buýsanjym!» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabaraly çärä nebitgaz pudagynda zähmet çekýän ýaşlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Onda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynda uly möçberli işleriň alnyp barylýandygy, bu ugurda geljegi nazarlaýan maksatnamalar, meýilleşdirilýän täze taslamalar barada giňişleýin söhbet edildi.

Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda, joşgunly tanslarda ata Watanymyzyň, hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň waspy ýetirildi. Döwlet Baştutanymyzyň halkyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin amala aşyrýan beýik işleri üçin alkyş sözleri çäräniň dowamyndaky ähli çykyşlaryň özenini düzdi. Toý saçagynyň başynda geçirilen dabarada göreldeli ýaşlara baýramçylyk mynasybetli ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Dabaranyň dowamynda «gara altyn», «mawy ýangyç» ussatlary, geologlar halkymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.