Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Ýokary üstünliklere eýe bolýarlar
14.12.2023

«Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitçileri gaýratly zähmet çekip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünliklere besleýärler. Konserniň düzüminde uglewodorod çig malyny çykarmak, täze guýulary gazmak, alynýan ýangyç çig malyny turba geçirijiler we deňiz ulaglary arkaly gaýtadan işleýjilere ýetirmek, gaýtadan işlemek, gaz gysyjy beketlerdir sazlaýjy desgalary gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak, guýularyň düýpli ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmak bilen meşgullanýan kärhanalaryň we kömekçi düzümleriň onlarçasy bar. Olaryň baý iş tejribeleriniň we ylmy taýdan esaslandyrmalara daýanýan sazlaşykly işleriniň netijesinde şu ýylyň geçen on bir aýynda hereket edýän guýulardan 3 million 243 müň 487 tonna «gara altyn» çykarylyp, gaýtadan işlemäge ugradyldy. Bu döwürde 4 milliard 83 million kub metre barabar «mawy ýangyç» çykarylyp, göz öňünde tutulan meýilnama 111 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkezijiler konsernde alymlar, geologlar we inženerler tarapyndan uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň oňyn netijelerini berýändigini aňladýar. Şeýle üstünlik kämil häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige başarjaň ornaşdyrmagyň hasabyna gazanylýar.

Nebitgaz çykaryjy müdirliklerde hereket edýän guýularda ýokary basyşly gazgöteriş usulyny ulanmak, turba geçirijilerde parafin çökündileriniň döremeginiň garşysyna ýörite çäreleriň toplumyny amala aşyrmak, täze tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy tejribäni yzygiderli özleşdirip, olary önümçilige ornaşdyrmak hem ösüşleriň girewidir. Şu ýylyň geçen döwründe gazanylan üstünliklerde meýilnamalaryna artygy bilen hötde gelmegi başaran «Gumdagnebit», «Keýmir», «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň mynasyp paýlary bar.

Konserniň burawlaýjylary hem alynýan nebitiň möçberleriniň artdyrylmagyna saldamly goşant goşýarlar. Häzirki zamanyň kuwwatly desgalarydyr enjamlaryna başarjaň erk etmek bilen, olaryň şu ýylyň geçen döwründe gazan dag jynslarynyň umumy çuňlugy 152 müň 836 metre barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkisinden 12 müň 63 metr köpdür. Şu döwürde gazuw işleri üstünlikli tamamlanan 34 sany guýynyň 30-synyň ulanyş maksatly guýulardygy aýratyn bellärliklidir. Has çuň gatlaklara ynamly aralaşmagyň netijesinde bu üstünlikler Nebitdag, Goturdepe, Körpeje we Ekerem buraw işleri müdirlikleriniň burawlaýjylarynyň tagallalary bilen gazanyldy. Ýylyň geçen döwründe guýulary düýpli abatlaýyş toparlary tarapyndan 197 müň tonna derek 210 müň tonna golaý nebit goşmaça alyndy. Munuň özi önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýularyň 481-siniň düýpli abatlanylmagynyň hasabyna mümkin boldy.

Gazanylan üstünliklerde konserniň «Türkmennebitgeofizika», «Burnebitgaz- hyzmat», Gaz toplaýyş we akdyryş müdirlikleriniň, Abatlaýyş-mehaniki zawodynyň, awtoulag kärhanalarynyň we gaýry düzümleriniň hem mynasyp paýlary bar. Şeýle ajaýyp netijeleri gazanmaga ähli mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize nebitçileriň hoşallyklarynyň çägi ýok.