8-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebit we gaz kondensatyny çykarmak ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler, şol sanda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan gazanylan netijeler, nebit we nebit önümleri bilen üpjün etmek, polipropileniň öndürilişi barada aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 103 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 102,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 104,5 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 116,1 göterim ýerine ýetirildi. On bir aýyň netijeleri boýunça tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 107,6 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy 113,8 göterim berjaý edildi.
Soňra wise-premýer Halkara Bitaraplyk güni hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu hünär baýramçylygy mynasybetli paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, toplumda zerur işleri alyp barmagyň wajypdygyny nygtady. Nebitgaz ýataklaryny düýpli özleşdirmäge aýratyn üns bermek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we nebitiň hem-de gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça degişli işleri durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi bellemäge düýpli taýýarlyk görmek, hünär baýramy mynasybetli bellenen ähli çäreleri ýokary derejede geçirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.