Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109,8 göterim we çykdajy bölegi 98 göterim ýerine ýetirildi
09.12.2023

8-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow 2023-nji ýylyň ýanwar—noýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda we ýurdumyzyň sebitlerinde durnukly ösüş üpjün edilýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň 6,3 göterim artmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 6,6 göterim artdy.

Şu ýylyň on bir aýynyň netijeleri boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim köpeldi.

2023-nji ýylyň ýanwar—noýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109,8 göterim we çykdajy bölegi 98 göterim ýerine ýetirildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi