Sişenbe güni Aşgabatda «Ýyldyz» myhmanhanasynda 10-njy Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
«Tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk görnüşinde geçirilen maslahat Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň umumy gyzyklanmalara gabat gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändiklerini görkezdi.
«Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekiliýetiň düzümine «Case New Holland Industrial», «Climate Compass LLC», «Honeywell», «John Deere», «Palo Alto Networks», «VISA», «Westport Trading Europe Limited» ýaly meşhur kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri girdi.
Maslahatyň dowamynda şeýle duşuşyklaryň netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, maýa goýum işini höweslendirmekde uly ähmiýetiniň bardygy nygtaldy. Ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýynyň, işewürligi alyp barmagyň has oňaýly guramaçylyk-hukuk guralynyň döredilmegi dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berýär.
«Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň alyp barýan işi pikir alyşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. 2008-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda döredilen bu geňeş uzak möhletleýin geljege niýetlenip, ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi.
Işewürlik maslahatynyň çäklerinde ýurdumyzyň birnäçe pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň ABŞ-ly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklarynyň göz öňünde tutulmagy taraplaryň ikisiniň hem anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändikleriniň aýdyň güwäsidir. Senagat, nebitgaz we ulag-kommunikasiýalar ulgamlarynda, elektroenergetika, maliýe-bank, söwda, oba hojalygy, ekologiýa ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan beýleki meseleleriň hatarynda boldy.
Şeýle hem işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn üns çekildi. «Case New Holland Industrial» kompaniýasynyň we türkmen telekeçileriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bilelikdäki forumyň jemlerini jemledi.