Şu ýylyň 6 — 8-nji dekabry aralygynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi hem-de onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürlik maslahaty geçiriler.
Sergä doganlyk ýurduň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 100-e golaýynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Gatnaşyjy kompaniýalar, esasan, senagat ugurly kärhanalar üçin tehnologik enjamlary, gurluşyk we oba hojalyk tehnikalaryny, suw arassalaýjy, üpjünçilik ulgamynyň enjamlaryny, binalaryň ýyladyş, howalandyryş we sowadyş ulgamlaryny, barlaghana enjamlaryny, öý hojalyk tehnikalarynyň dürli görnüşlerini, ýuwujy serişdeleri öndürmek, bank, saglygy goraýyş, bilim edaralarynyň enjam üpjünçiligi ugurlarynda iş alyp barýarlar.