Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Türkmengaz» döwlet konserniniň gaz gysyjy desgalarynda düýpli abatlaýyş işleri geçirilýär
02.12.2023

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, birnäçe resminamalaryň taslamalary, şeýle hem beýleki meseleler girizildi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň gaz gysyjy desgalarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, degişli desgalarda abatlaýyş işleriniň geçirilmegi türkmen tebigy gazyny sarp edijilere bökdençsiz we ygtybarly akdyrmaga mümkinçilik berer.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmengaz» döwlet konserniniň gaz gysyjy desgalarynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere desgalarda düýpli abatlaýyş işleriniň öz wagtynda geçirilmegine berk gözegçilik etmek tabşyryldy.