Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda işewürlik gurşawyny gowulandyrmak üçin kanunçylyga üýtgetmeleri girizmegi teklip etdi
08.04.2023

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda işewürlik gurşawyny gowulandyrmaga gönükdirilen kadalar bilen bagly «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna, Türkmenistanyň Gümrük kodeksine, beýleki kanunlara döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi teklip etdi.

«Döwlet serişdelerini aýawly ulanmak, býujet-salgyt, pul-karz gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak esasy maksatlaryň hatarynda kesgitlenildi» bu barada döwlet Baştutany Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň birinji maslahatynda eden çykyşynda belledi.

«Işewürlik gurşawyny gowulandyrmaga, telekeçilik işini höweslendirmäge, maliýe durnuklylygyny üpjün etmäge, gazna bazaryny ösdürmäge hem-de bäsleşikli bazar gurşawyny döretmäge gönükdirilen kadalar bilen bagly «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna, Türkmenistanyň Gümrük kodeksine, beýleki kanunlara döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek zerur bolup durýar» diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

«Paýdarlar jemgyýetleri hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Daşary ykdysady iş hakynda», «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmek möhümdir.

Çykyşynyň dowamynda Prezident Halkara Zähmet Guramasynyň esasy kadalaşdyryjy namalaryndan gelip çykýan düzgünleri Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna ornaşdyrmak, zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmek we zähmet şertlerini gowulandyrmak, işgärleriň konstitusion zähmet hukuklaryny kepillendirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň maksadalaýykdygyny belledi.

Döwlet Baştutanynyň çykyşy Türkmenistanyň öňdebaryjy habar beriş serişdeleriniň sahypalarynda şu gün çap edildi.