Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
30.11.2023

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň wekiliýetiniň Türkmenistana şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim boljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutany Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, bu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler gyzyklanma bildirilýän geljegi uly ugurlaryň birnäçesinde uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda goňşy ýurtlarymyzyň çäk taýdan amatly ýerleşmeginden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Bu bolsa halkara derejede bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi energiýa serişdelerini ibermek, deňiz portlarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň, Hazar deňzi arkaly ýük daşamalaryny işjeňleşdirmegiň hasabyna söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge, ençeme ýurtlary baglanyşdyrýan ulag geçelgelerini döretmekdäki hyzmatdaşlyga, şeýle hem kommunikasiýalar we aragatnaşyk ulgamynda özara gatnaşyklara degişlidir.