Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işiniň on aýynyň jemleri jemlendi
13.11.2023

Geçen anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2023-nji ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, nebit we gaz kondensatyny çykarmak, polipropilen öndürmek boýunça tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Wise-premýer “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasynyň 100 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 100,5 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasynyň 105,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 104,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň 102,5 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasynyň hem 109,8 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 108,5 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy 114 göterim berjaý edildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça işleri netijeli dowam etdirmegiň, nebitgaz ýataklaryny düýpli özleşdirip, nebiti we gazy çykarmagyň möçberini artdyrmak üçin ähli çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.