Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Arkadag şäheriniň çägi giňeldildi
13.11.2023

Türkmenistanda Arkadag şäheriniň çäginde käbir üýtgeşmeler girizildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi degişli Karary kabul etdi.

Kararda bellenilişi ýaly, Arkadag şäherinde şäher hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, guramaçylyk, dolandyryş babatda amatly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Arkadag şäheriniň häkimliginiň towakganamasyny göz öňünde tutup, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda şeýle çözgüt kabul eildi.

Resminamada görkezilişi ýaly, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 102 gektar ýerini hem-de Aşgabat şäheriniň 17 gektar ýeri Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirdildi.

Şeýle hem resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde Arkadag şäheriniň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirer.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr».