Çarşenbe güni paýtagtymyzda “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleriniň Yrak Respublikasynyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň dowamynda yrak tarapy energetika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleri bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine Yrak Respublikasynyň taýýardygyny ýene-de bir gezek beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar türkmen tebigy gazyny goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň çäklerinden “swap” usulynda Yraga ibermegi guramak bilen baglanyşykly meselelere garadylar. Mundan başga-da, taraplar gaz pudagynda geljekde bilelikde işlemegiň hukuk, täjirçilik, maliýe, guramaçylyk şertlerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika ulgamyndaky halkara ähmiýetli teklipleri birnäçe iri energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde öz anyk beýanyny tapdy. Şol taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Hytaý, Türkmenistan — Eýran, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijilerini, Türkmenistandan Eýrana hem-de owgan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlaryny aýratyn bellemek gerek. Şunda daşary döwletler we kompaniýalar bilen köp ýyllaryň dowamyndaky bilelikdäki işiň netijesinde ýurdumyzyň özara ynanyşmak, hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk ýörelgeleri esasynda iş alyp barýan jogapkärli hem-de ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni görkezendigini nygtamak zerurdyr.
Şu gezekki duşuşygyň netijeleri boýunça türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna ýerlemek, satyn almak, satmak boýunça şertnamanyň esasy täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekildi. Teswirnama laýyklykda, 5 ýyllyk möhlet bilen her ýylda türkmen tebigy gazynyň 9 milliard kub metri “swap” usulynda Eýran Yslam Respublikasyndan üstaşyr geçirilip, Yraga iberiler.