Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlisine gatnaşmak üçin Daşkende bardy
09.11.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisine gatnaşmak üçin şu gün Daşkende bardy.

Döwlet Baştutanymyzy Özbegistanyň paýtagtyndaky Yslam Karimow adyndaky halkara howa menzilinde Özbegistanyň resmi adamlary we Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Iş saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşar, şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisinde çykyş edip, Aşgabadyň guramanyň çäklerinde ykdysady täsirini ösdürmek baradaky garaýşyny beýan eder.

Häzirki wagtda Türkmenistan YHG başlyklyk edýär. Bu guramanyň geçen, 15-nji sammiti 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirildi. Ýurdumyzyň gurama başlyklyk eden döwründe söwda, ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, energiýa pudaklarynda, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurda YHG-niň çäklerinde özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen degişli konsepsiýa işlenip düzüldi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň netijesinde jemleýji resminama – Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy kabul edildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi