Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, şeýle hem «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň wekilleri ÝHHG tarapyndan metan zyňyndylaryny azaltmak ulgamynda gözegçiliklere we ylmy barlaglara bagyşlanyp, 6-7-nji noýabrda geçirilen seminara gatnaşdylar. Bu barada ÝHHG_niň Aşgabatdaky Merkezi habar berdi.
Iki günlük onlaýn çäräniň maksady ÝHHG agza döwletleriň metan zyňyndylaryny kesgitlemekde öňdebaryjy tejribesini hödürlemek we ölçemegiň degişli usullary bilen tanyşdyrmak, şeýle hem gözegçilikleri geçirmek bolup durýar.
«Metan güýçli bug gazy we klimaty hapalaýjy bolup durýar. Ol ekologiýa durnuklylygyna agyr howp salýar» - diýip, ykdysady-ekologiýa bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Uilýam Lif aýtdy.
«Biz bu seminary Türkmenistanyň Hökümetiniň ekologiýa durnuklylygyny ilerletmek boýunça tagallalaryny goldamak we 2023-2024-nji ýyllar üçin kabul edilen Ýol kartasyny durmuşa geçirmeklige ýardam etmek üçin gurnadyk» diýip, Lif aýdýar.
Halkara bilermenler metanyň emissiýasynyň azaltmagyň netijelerine we mümkinçilikleri bahalandyrmaklyga aýratyn üns berdiler, şeýle hem metan zyňyndylaryny dolandyrmagyň tehnologik jähtleriniň üstünde durdular. Metanyň emissiýasyny kesgitlemek meseleleri, şeýle hem ölçemegiň we gözegçilik etmegiň usullary boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
Belläp geçsek, 2023-nji ýylyň iýun aýynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň karary bilen 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça «Ýol kartasy» tassyklanyldy.
Resminama daşky gurşawy goramak baradaky halkara borçnamalardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, şol sanda zyňyndy gazlaryň möçberini azaltmak boýunça ýurtda Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmekde dünýäniň ösen döwletleri, abraýly halkara guramalar we iri kompaniýalar bilen giňden halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen kabul edildi.