Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Yragyň wekiliýeti «Türkmengaz» DK-nyň ýolbaşçylary bilen gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
08.11.2023

Şu gün günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmengaz» DK-nyň ýolbaşçylary bilen ýurdumyza sapar bilen gelen Yrak Respublikasynyň wekiliýetiniň duşuşygy geçirildi. Yragyň wekiliýetine elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadel ýolbaşçylyk etdi.

Geçirilen duşuşygyň maksady gaz ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak boldy. Günüň ikinji ýarymynda gepleşikler dowam etdi.

Öň, şu ýylyň awgust aýynda, Aşgabatda «Türkmengaz» DK-nyň ýolbaşçylary bilen Yragyň energetika ministriniň orunbasary Adil Karim Kak Ahmediň we nebit ministriniň orunbasary Ezat Sabir Esmailiň gatnaşmagynda gepleşikler geçirildi. Olaryň barşynda SWAP (çalşyk amaly) shemasy arkaly Eýranyň üsti bilen Yragyň türkmen tebigy gazyny satyn almagynyň meseleleri maslahatlaşyldy.

Şonda ýurdumyza gelen wekiliýet infrastrukturasynyň depginli ösýändigi sebäpli Yragyň tebigy gaza bolan zerurlygynyň barha artýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Yrak tebigy gazy satyn almak hakynda «Türkmengaz» DK bilen şertnama gol çekmäge gyzyklanma bildirýär.

2023-nji ýylyň oktýabrynda «Türkmengaz» DK bilen Yragyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda Tebigy gazy satyn almak boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Resminama Döwlet ministri — «Türkmengaz» DK-nyň başlygy Maksat Babaýewiň 5-8-nji oktýabrda Bagdada saparynyň barşynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekildi.

Yragyň wekiliýetiniň Aşgabada şu gezekki sapary taraplaryň gaz pudagynda geljekki bilelikdäki işiniň hukuk, söwda, maliýe we guramaçylyk taraplaryny maslahatlaşmaga meýillerini subut edýär.