4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tutuş ýurdumyzy gurşap alan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy, şeýle hem ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ählihalk bag ekmek maksatnamasynyň, ilkinji nobatda, ekologik nukdaýnazardan, şol sanda halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi babatda hem uly ähmiýetlidigini yzygiderli belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ilatly ýerleriň töwereginde täze tokaý-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Öz çäklerini barha giňeldýän şäherleriň eteklerinde kemala gelýän şeýle zolaklar adamlar üçin örän bähbitlidir.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»