Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işi ýokary baha mynasyp boldy
04.11.2023

3-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň düýbüniň tutulmagy hem-de ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy.

 Dabaranyň dowamynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze gaz turbinalaryny gurmak we elektrik bekediniň durkuny täzelemek taslamasyna halkara şahadatnamalary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Ilki bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frauhofer adyndaky Energiýa ykdysadyýeti we energiýa ulgamy tehnologiýasy institutynyň geňeşçisi, doktor Harald Apele söz berildi.

Myhman halkara standartlara laýyk gelýän täze energetika desgasyny işe girizmek dabarasyna gatnaşmaga çakylyk üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirip, Germaniýanyň Frauhofer adyndaky Energiýa ykdysadyýeti we energiýa ulgamy tehnologiýasy institutynyň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda durmuşa geçirilen taslama beren Hil şahadatnamasyny gowşurdy.

Soňra Duisburg-Essen döwlet uniwersitetiniň professory, GFR-iň Binagärleriniň federal palatasynyň geňeşçisi Bernd Reinhold Rosin çykyş etdi. Şu günki dabara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, myhman ýokarda ady agzalan palatanyň Iň ýokary inženerçilik taslamasy baradaky şahadatnamasyny gowşurdy.

Soňra çykyş etmek nobaty GFR-iň Magdeburg şäheriniň Otto Won Gueriсke adyndaky uniwersitetiniň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we durnukly energiýa taslamalary boýunça uly geňeşçisi Ýuriý Şikowa berildi. Şu gezekki dabara çagyrylandygy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman agzalan uniwersitetiň Ekologik taýdan arassalygy we durnukly taslamadygy baradaky şahadatnamasyny gowşurdy.