2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, birnäçe resminamalaryň taslamalary, käbir beýleki meseleler girizildi.
Mejlisiň dowamynda M inistrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Toplumyň pudaklarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak, uglewodorod çig malynyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, ýurdumyzda we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän ýokary hilli nebit, gazhimiýa önümlerini öndürmek, şeýle hem olaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, toplumyň kuwwatlyklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy tebigy serişdeleriň rejeli we netijeli ulanylmagyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň senagat, eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Täze nebitli-gazly ýataklar açylyp ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, üznüksiz önümçiligi guramak üçin pudagy kömekçi materiallar, himiki serişdeler we beýleki ätiýaçlyk şaýlary bilen öz wagtynda üpjün etmek möhümdir.
Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»