Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
04.11.2023

3-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapar bilen geldi.

2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde goşuldy we häzirki wagtda türkmen tarapynyň Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşigine girmegi bilen bagly degişli işler geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular Geňeşiniň agzasy bolup durýar we bu düzümiň işine işjeň gatnaşýar.

Astana bolan iş saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar türkmen-gazak özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystana bolan iş saparynyň dowamynda Astanada açylan Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşýar.

Gahryman Arkadagymyz sammitde Aşgabadyň Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek baradaky pikirini beýan eder.