Türkmenistanyň wekiliýeti noýabr aýynda Berlinde we Londonda işewürlik forumlaryny geçirer. Penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Atdaýew ýurdumyzyň daşary döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 20-nji noýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde Türkmen-german işewürlik maslahatyny hem-de 22-23-nji noýabrda Beýik Britaniýanyň London şäherinde “Türkmenistan — maýa goýum we ösüş” atly forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Bu forumlaryň dowamynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum mümkinçilikleri, maglumat tehnologiýalary, ulag, telekommunikasiýa ulgamlarynda ýurdumyzyň infrastrukturasyny ösdürmegiň maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmak, nebitgaz, himiýa we beýleki senagat pudaklaryny, bank, ätiýaçlandyryş pudaklaryny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.
Prezident hasabaty diňläp, meýilleşdirilýän halkara maslahatlary ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylykly taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Berlin şäherinde boljak Türkmen-german işewürlik maslahatynda, şeýle hem London şäherindäki maýa goýum forumynda milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmäge gönükdirilen taslamalara uly orun berilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Şeýle hem wise-premýer “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” hem-de “Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Prezident hasabaty diňläp, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giň gerim bilen geçirilýän sergileriň, maslahatlaryň, işewürlik duşuşyklarynyň möhüm ähmiýetini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.