1-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň netijeleri boýunça Daşary işler ministrleriniň bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Şeýle-de, bu forumyň sekretariatynyň 2024-nji ýyl üçin iş maksatnamasy tassyklanyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda neşir edilen Metbugat beýanynda habar berilýär.
«Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň häzirki mejlisi “Merkezi Aziýada we Koreýa Respublikasynda durnukly geljegi üpjün etmekde ýaşlaryň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaşlyk" atly tema bagyşlandy.
Bu garaýyş foruma gatnaşyjy ýurtlaryň ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitleýän gün-tertibini düzmek boýunça bilelikdäki tagallalarynda öz beýanyny tapýar. Şu işde ýaşlara we olaryň mümkinçilikleri aýgytlaýjy orun degişli edilýär.
Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasy formatyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan wezipelerinden biri hökmünde ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, gepleşiklerde Merkezi Aziýada koreý işewürliginiň hereket etmegi, dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitiň ösüşine düýpli we oňyn täsir etmäge hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga ýardam edýänligi nygtaldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” formatyndaky hyzmatdaşlygyň özara gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlarynda jemlenmeginiň zerurlygyna, bar bolan obýektiw artykmaçlyklaryň we mümkinçilikleriň ulanylmagynyň wajyplygyna ünsi çekdiler. Şol bir wagtyň özünde, taraplar halklaryň taryhy we medeni arabaglanyşygynyň, milli gymmatlyklaryň hem-de ahlakGatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Aşgabat forumy gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigine, ykdysady we logistika mümkinçilikleriň artdyrylýandygyna, ylym, bilim, lukmançylyk, syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak, senagat pudagynda, oba-hojalygynda, dokma senagatynda, ýokary tehnologiýalar ulgamynda, sanlylaşdyrmakda, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlykda üstünlikli işleriň alnyp barylýandygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. garaýyşlaryň meňzeşligine uly ähmiýet berdiler.
Duşuşykda eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow 2023-nji ýyl Türkmenistanda ýaşlar ýyly diýlip yglan edilendigini bellemek bilen, türkmen tarapynyň «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna ýolbaşçylyk etmeginiň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginde ýaşlar syýasaty babatyndaky ýörelgeleriň aýdyň beýanyny tapandygyny nygtady.
Durnukly ösüşi üpjün etmekde ýaşlaryň mümkinçilikleriniň milli meýilnamalary we maksatnamalary hem-de degişli ugurda halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmakda ulanylmagynyň zerurlygyna ynam bildirildi.
Edilen çykyşlarda ýaşlar ugry boýunça hyzmatdaşlygy amala aşyrmakda Koreýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça agentligi (KOICA), Koreý gaznasy (KF), Ählumumy ýaşyl ösüş instituty (GGGI), şeýle hem milli we halkara hyzmatdaşlar bilen ýakyn aragatnaşyk saklanylmalydygy bellenildi.
Ministrler Forumyň işiniň yzygiderli köptaraplaýyn maslahatlaşmanyň platformasy hökmünde hem-de Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky goşandynyň ähmiýetini bellediler.
“Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” formatyndaky forumyň indiki mejlisi 2024-nji ýylda Koreýa Respublikasynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.